Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22—28-nji iýun aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň deputatlary üçin guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny berkitmek» atly okuw maslahatyna gatnaşýarlar.
Okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny, kanun çykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alşylmagyny, sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny maksat edinýär hem-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş meýillerini nazara almak bilen, ösüş strategiýalarynyň utgaşdyrylmagyna hem-de özara bähbitli we inklýuziw ykdysady hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine gönükdirilendir.
Onuň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili çykyş edip, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň iki döwletiň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde özara hormat goýmak, ynanyşmak we deňhukuklylyk esasynda yzygiderli ösdürilýändigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Çykyşda sebit derejede yzygiderli guralýan çäreleriň, duşuşyklaryň, forumlaryň, okuw maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze çemeleşmelerini işläp düzmek üçin möhüm meýdança bolup durýandygy nygtaldy.
Okuw maslahatynda oňa gatnaşyjylar sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmekde parlament diplomatiýasynyň barha artýan ornuna aýratyn üns bermek bilen, ýokary guramaçylykly guralýan okuw maslahatynyň ýurtlaryň arasynda kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigini tassykladylar.
