Kofe önümçiliginde dünýäde iň iri döwlet bolan Braziliýadaky dowamly ýagyşlar hasyl ýygymyny gijikdirdi we arabika däneleriniň hilini peseltdi. Netijede, bazarda ýokary hilli kofäniň azalmagy mümkin. Bu barada «Bloomberg» habar berdi.
«Expocacer» kooperatiwiniň baş direktory Simao de Limanyň çaklamasyna görä, güýçli ýagyşlar agaçlardaky kofe miweleriniň ortaça 20%-e golaýyny ýuwup akdyrdy. Adaty ýyllarda bu ýitgi 5-7% töweregi bolýardy.
Hasyl ýygnalandan soň ýagdaý has-da kynlaşdy: iýul aýynda açyk howada guradylýan kofeleriň üstüne ýene-de ýagyş ýagdy. Käbir öndürijiler guratmak işine täzeden başlamaly boldular, bu bolsa däneleriň hiline goşmaça täsir etdi.
Çendenaşa çyglylyk sebäpli, kofede heňli tagam emele gelip biler. Şunda ýokary hilli arabika talaplaryna laýyk gelýän däneleriň paýy adaty 30-35%-den 10-15%-e çenli peselip biler.
Hil bilen bagly kynçylyklar eýýäm bahalara täsir etdi: iýun aýyndan bäri arabikanyň fýuçersleri takmynan 35% gymmatlady.
