«EKSPO — 2027»: ýurdumyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» atly pawilýon bilen çykmagy göz öňüne tutulýar

MilliInfo

24 Ýanwar, 2026

Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine ýokary derejede gatnaşmagy üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu barada 23-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» mowzugynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýonynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar astynda gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini aýtdy hem-de Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info