«Forbes» portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň 2025-nji ýylda dünýäniň iň köp hak alan futbolçylarynyň reýtinginiň başynda ornaşandygyny tassyklady. Ikinji orunda «Inter Maýaminiň» argentinaly oýunçysy Lionel Messi ýerleşdi. «Forbes» tarapyndan geçirilen hasaplamalar Ronaldunyň 2025/26-njy ýyllaryň futbol möwsüminde «Al-Nasrda» eden çykyşy üçin 280 million dollar alýandygyny mälim etdi. Bu pul möçberinde diňe Ronaldunyň oýun tölegleri däl, eýsem, täjirçilik ylalaşyklary esasynda bellenen maliýe serişdeleri-de bar. Mundan başga-da, ol dürli hyzmatdaşlardan 50 million dollar alýar.
2025-nji ýylyň iň köp hak alýan futbolçylarynyň reýtingi:
1. Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa, «Al‑Nasr») — 280 million dollar.
2. Lionel Messi (Argentina, «Inter Maýami») — 130 million.
3. Karim Benzema (Fransiýa, «Al‑Ittihad») — 104 million.
4. Kilian Mbappe (Fransiýa, «Real») — 95 million.
5. Erling Holand (Norwegiýa, «Mançester Siti») — 80 million.
6. Winisius (Braziliýa, «Real») — 60 million.
7. Mohamed Salah (Müsür, «Liwerpul») — 55 million.
8. Sadio Mane (Senegal, «Al‑Nasr») — 54 million.
9. Jud Bellingem (Angliýa, «Real») — 44 million.
10. Lamin Ýamal (Ispaniýa, «Barselona») — 43 million.
Ozal Ronaldu dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda geçiren gollarynyň sany boýunça täze rekordçy hökmünde bellige alnypdy — 41.
