Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bäsleşigiň tapgyrlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimizde ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
