Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

18-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler seljerilip, Türkmenistanyň täze kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak we hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzda döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.

Wose-premýer T.Atahallyýewiň hasabatynda oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada beýan edildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty onuň gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan alnyp barylýan işler barada boldy.

Wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Wise-premýer, daşary işler ministri, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi bilen mejlise gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de döwlet Baştutanymyzyň geçiren ýokary derejedäki gepleşikleriniň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň giň toplumyna seredilendigini, hormatly Prezidentimiziň saparynyň çäklerinde Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ädim bolandygyny belledi.

Şunuň bilen bir hatarda, Gruziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täze tapgyry alamatlandyrandygy barada aýdyldy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň howanyň üýtgemegi bilen bagly alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew milli flotumyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info