«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýady pugtalandyrylar

MilliInfo

20 Iyul, 2026

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýady pugtalandyrylar

18-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwlet birleşiginiň garamagyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem boýag we himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli el halyçylyk sungatyny ösdürmäge, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info