Türkmen halkynyň Milli Lideri täze «Bedew» atly gepleşigiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany boldy

MilliInfo

30 Sentýabr, 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze «Bedew» atly gepleşigiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany boldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinde ýurdumyzyň «Sport» teleýaýlymynda täze döredilen «Bedew» gepleşiginiň ilkinji sanynyň hormatly myhmany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Paýaýew bilen söhbetdeş boldy. Alypbaryjy, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň ussat çapyksuwarlarynyň arasyndaky toý çapuwynda gazanan ýeňşi bilen gutlady hem-de ahalteke atlaryna aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň bedewleriniň serpaýly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, A.Paýaýewe türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerini ýurdumyzda we halkara giňişlikde wagyz etmek ýaly asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň bize miras goýan ýagşy dessurlarynyň ýaş nesillere ýetirilmeginde ähmiýetlidir.

Şunuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratyny dikeltmek, bedewler bilen baglanyşykly geçirilýän çäreleriň ähmiýetini açyp görkezmek we ony ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň häzirki nesilleriň öňünde durýan wajyp wezipeleriň biridigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

A.Paýaýew degerli maslahatlary, öwüt-nesihatlary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we Milli Liderimiziň degerli maslahatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň «Sport» teleýaýlymynda ahalteke bedewleri, olaryň taryhy bilen baglanyşykly mowzuklary öz içine alýan gepleşikleriň taýýarlanylýandygyny, şu günki wakalaryň hem şol gepleşiklerde giňden beýan edilmegi ugrunda zerur işleriň geçiriljekdigini aýdyp, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyny wasp etmegi sogap iş hasaplaýandygyny nygtady. Şeýle hem ol öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli ukyp-başarnygyny, toplan tejribesini gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info