Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynyň hem-de Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisiniň guralmagy ýurdumyzyň hususy pudagynyň, işewürlik ulgamynyň mümkinçilikleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm guralyna öwrülýändigini tassyklady.
Ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň gazananlarynyň bu giň gerimli gözden geçirilişine ýurdumyzyň öňdebaryjy logistika kompaniýalarynyň biri bolan «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti hem işjeň gatnaşdy. Kompaniýa bu ýerdäki diwarlygynda konteýner, awtomobil, demirýol, deňiz we howa gatnawlaryny, şeýle hem howply ýükleri daşamak bilen bagly ulag-logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny görkezdi. Belläp geçmeli zat, «Hazar Logistik» HJ bu ugurda gysga döwrüň içinde uly tejribe toplady hem-de import, eksport we üstaşyr (tranzit) ýük daşamalaryny ýokary derejede amala aşyrmak üçin dünýä derejesindäki hyzmatdaşlaryň we hyzmatlary üpjün edijileriň giň toruny döretdi. Kompaniýa Türkmenistanyň çäginde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarda we dünýäniň beýleki sebitlerinde ýük daşamalaryny işjeň amala aşyrýar.
Bu möhüm sergä gatnaşmak «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetine diňe bir bar bolan işewürlik gatnaşyklaryny berkitmäge däl, eýsem, geljekki hyzmatdaşlygyň binýady boljak täze aragatnaşyklary ýola goýmaga hem mümkinçilik döretdi.
Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, «Hazar Logistik» logistika hyzmatlary ugruny yzygiderli ösdürmek bilen, işewürlik üçin ygtybarly hem-de netijeli çözgütleri hödürleýär we täze hyzmatdaşlyk tekliplerine elmydama açykdyr.
«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň «Ekspo Georgia» meýdançasyndaky ajaýyp pawilýony gözden geçirilişiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine baryp görmekleri bolsa möhüm çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
