3-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanowyň hasabaty ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek babatda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada boldy.
Wise-premýer T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Ol halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabatynda onuň gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda geçen dokuz aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewiň hasabatynda onuň gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri beýan edildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

