Dünýä çempionaty — 2026-nyň Atlantada Angliýanyň we Argentinanyň ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen ýarym final duşuşygy şu tomsuň esasy futbol wakalarynyň biri hökmünde görkezmäge doly derejede mynasypdyr. Häzirki dünýä çempionlary ýaryşy terk etmegiň bary-ýogy bir ädim ýakynynda bolsalar-da, çempionlyga ymtylyşyň nusgalyk derejesini görkezip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar we finala ýollanma aldylar.
Duşuşygyň birinji ýarymy örän dartgynly göreş bilen geçdi. Köp sanly düzgün bozulmalaryň (follaryň) bolmagy oýnuň depginine täsir etdi. Garşydaşlygyň gyzgynlygy ilkinji minutlardan ýokarlandy, şol sebäpli hem, emin dörän düşünişmezlikleri wagtal-wagtal köşeşdirmeli boldy. Ýygyndylar örän seresaply oýnadylar, şonuň üçin hem, tomaşaçylar arakesmä çenli açyk futbola şaýat bolup bilmediler.
Oýnuň ikinji ýarymy duşuşygyň akymyny düýpgöter üýtgetdi. 55-nji minutda Tomas Tuheliň şägirtleri öňe saýlandylar: Morgan Rojersiň anyk pasyndan soň, Entoni Gordon Emiliano Martinesiň derwezesinden pökgini geçirdi. Bu goldan soň iňlisler gazanan minimal artykmaçlyklaryny saklamak üçin bilkastlaýyn çuňňur goranyşa geçdiler, emma bu ädim «gaharly» Argentinanyň hüjümlerine böwet bolup bilmedi.
Oýnuň soňky pursatlary Lionel Messiniň başarnygyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy. Kapitan öz toparynyň halas ediş hüjümini gurady. 85-nji minutda Messi topy Enso Fernandeşe geçirdi, ol bolsa jerime meýdançasynyň daşyndan, has takygy uzak aralykdan geçiren urgusy arkaly hasaby deňledi.
Hemmeleriň oýnuň goşmaça wagta uzamagyna garaşýan pursatlary Argentina aýgytly urgularyň ýene birini geçirdi. 92-nji minutda Lionel Messiniň jerime meýdançasyna ýokardan geçiren pasyna ätiýaçlykdan oýna giren Lautaro Martines ýetişdi we pökgini kellesi bilen Jordan Pikfordyň toruna gönükdirdi — 2:1!
Angliýa ýene bir gezek taryhy finalyň bir ädim golaýynda saklandy, Lionel Skaloniniň ýolbaşçylygyndaky Argentinanyň ýygyndysy bolsa Nýu-Ýorka ugraýar. Olar 19-njy iýulda «altyn medal» ugrunda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşarlar.
