Futbol boýunça dünýä çempionaty tamamlanyp barýar. Bu bolsa biziň tiz wagtdan ünsümizi ýene-de milli ligalara we klublaýyn ýaryşlara gönükdirjekdigimizi aňladýar.
Emma häzirki wagtda Keniýada döredilen üýtgeşik bir futbol topary eýýäm hemmeleriň ünsüni çekdi. Bu toparyň düzüminde diňe ene-mamalar bar. Olar eýýäm ýerli ýaryşlarda çykyş edip, uly ýeňişleri gazanmagy başarýarlar. Afrikanyň çägindäki bu ýurtda keniýaly eneleriň Futbol federasiýasy hereket edýär we ol giň gerimde ösdürilýär. Eneler aşhanada agtyklaryna milli tagam bolan «samosa» bişirip bermegiň deregine, ýaşyl meýdançada pökgi oýnaýarlar.
Hemme zat uly ýaşly zenanlaryň fiziki we ruhy saglygyny gowulandyrmak maksady bilen döredilen kiçijik saglyk kluby hökmünde başlapdy. Emma birnäçe türgenleşikden soň, bu hereket adaty maşklaryň çäginden çykdy. «Maýýami Sokker Grennis» hakyky futbol klubuna öwrüldi. Olaryň göreldesine tutuş ýurt boýunça beýleki eneler hem eýerdiler. Häzirki wagtda «Maýýani Grennisden» başga-da, «Muteý Grennis» we «Eneler Ýunaýted» ýaly toparlar hem bar.
«Garrylyk çagynda fiziki işjeňlik ýürek saglygyny gowulandyrýar, ýokary gan basyşynyň, süýji keseliniň we semizligiň öňüni alýar, şeýle hem myşsalary we süňkleri berkidýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmak, «bagt gormony» diýlip atlandyrylýan endorfiniň bölünip çykmagy arkaly ruhy saglygy hem berkidýär» - diýip fitnes tälimçisi Meri Kioko belleýär.
Şu günki günde bu eneleriň meýilleri has-da uly — olar geljekde 60 ýaşdan uly zenanlaryň arasynda geçiriljek iri halkara ýaryşlarda Keniýanyň adyndan çykyş etmegi maksat edinýärler.
