Türkmen filmleri Kazan halkara kinofestiwalynda görkeziler

MilliInfo

29 Awgust, 2025

5 – 9-njy sentýabr aralygynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde «Altyn minbar» atly 21-nji Kazan halkara kinofestiwaly geçiriler. Bu abraýly kinofestiwalda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň iki – «Daragt» atly çeper filmi we türkmen hem-de özbek taraplarynyň bilelikdäki «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi görkeziler.

Türkmenistanly režissýor Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» (2023 ý.) atly çeper filmi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan «Ýadynyň täsiri bilen» atly bäsleşikden daşary ýörite maksatnama girizildi. Türkmen we özbek kino ussatlarynyň bilelikde döreden filmi «Russiýa – Yslam dünýäsi» atly bäsleşikden daşary maksatnamanyň çäginde tomaşaçylara hödürlener. 

Geljekki ýyl milli kinematografiýanyň 100 ýyllygyny bellejek Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi halkara derejeli çärä gatnaşmagy özüniň döredijilik işiniň ähmiýetiniň ykrar edilmegi hem-de belent hormat hökmünde garalýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info