Abraýly ýaryşyň altyn medaly: Maýsa Pardaýewa olimpiýa utuklaryny artdyrýar

MilliInfo
Abraýly ýaryşyň altyn medaly: Maýsa Pardaýewa olimpiýa utuklaryny artdyrýar

Maýsa Pardaýewa Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) Gran-pri Sindao tapgyrynda altyn medaly gazandy. Ýaryş 26–28-nji iýun aralygynda Hytaýyň Sindao şäherinde geçirildi. Bu bäsleşige 57 döwletden 500 türgenler gatnaşdy.

57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Pardaýewa yzygiderli bäş ýeňiş gazanyp, Hytaýdan, Kosowodan, Braziliýadan, Ispaniýadan we Ýaponiýadan gelen garşydaşlaryndan üstün çykdy. Fransiýaly Marta Fawaz bilen bolan final tutluşykda ýeňiji goşmaça wagtda mälim boldy. Şol pursatda türkmen türgeni özüniň tutanýerliligini görkezip, altyn medal eýelemegi başardy.

Bu ýeňiş türgeniň «IJF World Tour» tapgyryndaky ýaryşlarynda gazanan iň ähmiýetli netijesi boldy. Bu üstünlik Maýsanyň reýtingine 700 utuk goşdy we onuň 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiaýa oýunlarynyň saýlama tapgyryndaky ornuny has-da pugtalandyrdy.

Mundan ozal, Pardaýewa Ulan-Batorda geçirilen «Uly tuwalga» (Grand Slam) ýaryşynda bürünç medalynyň eýesi bolupdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info