Ertir Mançester derbisi: duşuşygyň wagty we göni görkeziljek teleýaýlymy

MilliInfo

35 minut öň

17-nji ýanwarda Angliýanyň Premýer-ligasynyň 22-nji tapgyrynyň çäginde futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýny «Mançester Ýunaýted» bilen «Mançester Siti» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk geçiriler.

Özara duşuşyklaryň taryhy
Iki garşydaş şu wagta çenli ähli ýaryşlaryň çäginde jemi 197 gezek duşuşdy. Bu oýunlarda «Mançester Sitiniň» 62 ýeňşi bar. «Mançester Ýunaýted» bolsa 80 gezek ýeňiş gazandy. Duşuşyklaryň 55-si bolsa deňlikde tamamlandy. Belläp geçsek, sentýabr aýynda geçirilen birinji aýlawyň oýnunda «Ýunaýted» öz meýdançasynda «Man Siti» toparyndan 0:3 hasabynda asgyn gelipdiler.

Ýaryş tertibindäki ýagdaý
Täze tapgyryň öňüsyrasynda Pep Gwardiolanyň ýolbaşçylygyndaky «şäherliler» 43 utuk bilen APL-de 2-nji orunda barýarlar we sanawyň öňbaşysy «Arsenaldan» 6 utuk yza galýarlar. «Mankunianlylar» bolsa 32 utuk bilen 7-nji orunda ýerleşýärler.

Bellemeli zatlaryň biri hem, bu oýun Maýkl Kerrik üçin «Mançester Ýunaýtediň» täze baş tälimçisi hökmündäki ilkinji resmi oýun bolar.

Duşuşyga nirede tomaşa edip bileris?
Oýun meşhur «Old Trafford» stadionynda geçiriler. Futbol muşdaklary bu duşuşygy IP-TV arkaly elýeterli bolan «Setanta Sports» telekanalynda göni ýaýlymynda synlap bilerler.

Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:30-da başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info