20-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mart aýynyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda
«Talyp gözeli»,
«Iň eýjejik gyzjagaz»,
«Zenan — Zeminiň zynaty»,
«Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşikleriň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralarynyň, welaýatlarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde baýramçylyk çäreleriniň, konsertleriň, suratkeşleriň sergisiniň, teatrlarda sahna oýunlarynyň görkezilişiniň guralmagy hem-de Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň mart aýynda welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda», Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň, Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Tertibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar bilen bagly şu ýylyň mart aýynda geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.