Düýn — 20-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzda mähriban enelerimize we zenanlarymyza uly hormat goýulýandygyny, olar üçin ähli döwrebap şertleriň döredilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekendigini aýdyp, wise-premýere baýramçylyk mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabaty ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri gurmak boýunça Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi hakyndaky maglumatlary beýan etdi.
Wise-premýer B.Mämmedow 2026-2027-nji okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy barada beýan edildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew pudaklara innowasion sanly çözgütleri we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.