Mart aýynda ýurdumyzda halkara ders we internet olimpiadalary geçiriler

MilliInfo

Şu ýylyň mart aýynda halkara ders hem-de internet olimpiadalary ýaýbaňlandyrylar. 23-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilşi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryny geçirmäge taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şunlukda,

  • Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny;

  • Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasyny;

  • Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, alymlary, professor-mugallymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Munuň özi täze zehinleri ýüze çykarmakda, halkara ylmy-döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, bilim işini okuw-usulyýet taýdan kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Diýarymyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info