Maskyň aýdany hakykat bolup çykdy: «Geely» näsaz lidarlar üçin 93 müňe golaý awtoulagy yzyna ýygnaýar

MilliInfo

25 Awgust, 2026

Maskyň aýdany hakykat bolup çykdy: «Geely» näsaz lidarlar üçin 93 müňe golaý awtoulagy yzyna ýygnaýar

«Geely» kompaniýasy mikroshemalaryň önümçilik kemçiligi bilen baglylykda, lidarlaryň (LiDAR) näsazlygy üçin Hytaýda awtoulaglarynyň uly möçberini yzyna çagyrýandygyny  yglan etdi. Bu çäre jemi bäş modele degişli bolan 92 915 awtoulagy öz içine alar.

Esasy yzyna çagyryş 2025-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndan 12-nji dekabryna çenli aralykda öndürilen 74 037 sany «Lynk & Co (900, 10 EM-P, 07 we 08)» awtoulaglaryna degişlidir. Galan 18 878 awtoulag bolsa «Geely Galaxy M9» modelidir.

Muňa lidaryň içindäki mikroshemalara önümçilik tapgyrynda ýeten zeper sebäp boldy. Netijede, sürüjä kömek ediş ulgamlarynyň toplumy ulanylanda, datçik käbir obýektleri nädogry tanap biler, şeýle hem ulagyň zerur duýduryşlary bermezligi ýa-da belli bir şertlerde olara nädogry täsirleri görkezmegi mümkin.

«Geely» näsaz lidarlary mugt çalşyp bermegi meýilleşdirýär. Bu mesele eýýäm iýun aýyndan bäri awtoulag eýeleri tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylyp başlandy: ulanyjylar öňdäki lidaryň ýalňyşlyklary we netijede kämilleşdirilen sürüş kömekçisiniň funksiýalarynyň bökdelýändigi barada habar berdiler.

Ilon Mask lidarlar barada köp gezek otrisatel pikirlerini aýdypdy, hatda bir gezek olary «peýdasyz kellagyry» diýip atlandyrypdy. Milliarder lidarlaryň netijeli awtonom sürüş üçin zerur däldigi baradaky pikiri öňe sürýär. Ýakynda «Volvo» kompaniýasynyň hem iki modelinde LiDAR datçigini ulanmagy resmi taýdan bes edýändigi mälim boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info