«Parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» Türkmenistan «EKSPO — 2027» sergisine taýýarlanýar

MilliInfo

14 sagat öň

Türkmenistan Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga ýokary derejede taýýarlyk görýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji martda geçirilen mejlisinde bellenilşi ýaly, «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu sergä döwletimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar bilen gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň iri möçberli halkara çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.

«Munuň özi dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info