Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

MilliInfo

Düýn — 13-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsiniň geçilýändigini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe laýyklykda, iş kesilen 336 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly we başga-da birnäçe hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanowyň hasabaty «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada boldy.

Wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň hasabatynda ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowanyň hasabatynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada beýan edildi.

Wise-premýer B.Mämmedow şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistan bilen Halkara Deňiz Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabaty diňlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info