Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi şu günler howanyň gyzmagy bilen baglylykda, saglyk ýagdaýyňyza has ünsli bolmagy ýatladýar. Lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler:
Yssy howada Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmeli. Ýaglyk örtünip, Günden goraýan äýnekleri dakynmaly we saýawan ulanmaly.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.
Günüň dowamynda miwe we gök önümleri iýmeli.
Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzy 5 gramdan artyk bolmaly däldir.
Gök we miwe önümlerini iýeniňizde, gigiýenik talaplary berk berjaý ediň!
Günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny içiň!
Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri yzygiderli iýmekden saklanyň!
Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýenik talaplary kada laýyk berjaý etmeli.
Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndaky dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň!
Gan basyşyňyzy we ganyň düzümindäki süýjini elmydama gözegçilikde saklaň! Lukmanyň beren bejergisini talabalaýyk ýerine ýetiriň!
Möwsümleýin döreýän keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Derman serişdelerini, şol sanda antibakterial derman serişdelerini özbaşdak ulanmaň!
Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda alyň!
Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasyny baglanyşyp, döredilen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýylda bir gezek ýurdumyzyň şypahanalarynda öz saglygyňyzy berkidiň!
