Kofe söýüjileri üçin hoş habar! Alymlar uly ýaşly adamlaryň köpüsi üçin günde bäş bulgura çenli kofe içmegiň howply däldigi baradaky netijäni tassykladylar.
Bu ugurda geçirilen barlaglaryň netijeleri Amerikanyň kardiologiýa assosiasiýasy tarapyndan mälim edildi. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, günde 400 milligrama çenli kofein sarp etmek (bu bolsa takmynan 5 käse kofe deňdir) uly ýaşly adamlaryň aglabasy üçin howpsuz hasaplanýar. Şeýle-de, kofeniň bu mukdarynyň ýürek-damar ulgamynyň işine oňyn täsir edip biljekdigi bellenilýär.
Lukmanlar, esasan hem, şekersiz we beýleki goşundylary ulanmazdan, taýýarlanan tebigy kofeniň saglyk üçin has peýdalydygyny aýdýarlar. Kadaly mukdarda kabul edilýän tebigy kofe organizmde artykmaç töwekgelçilikleri döretmeýär.
Şol bir wagtyň özünde bolsa hünärmenler kofeniň taýýarlanyş usulyna hem üns bermegi maslahat berýärler. Barlaglara görä, süzgüçden geçirilen we ereýän kofe görnüşlerine artykmaçlyk berilse has maksadalaýyk boljakdygy tassyklanylýar. Emma espresso we türk usulynda taýýarlanan kofeni çäkli mukdarda içmek maslahat berilýär.
