«Atletiko» — «Arsenal»: penaltiler Çempionlar ligasynyň ikinji ýarym finalyny has-da gyzyklandyrdy

MilliInfo

2 sagat öň

Çempionlar ligasynyň Madridde geçirilen ýarym final duşuşygynda «Atletiko» we «Arsenal» toparlary deňme-deň (1:1) oýnadylar. Klublar oýnuň dowamynda biri-biriniň derwezesine uzaýan «dogry ugry» tapyp bilmediler — gollaryň ikisi hem 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi. Emin Danni Makkeli diňe VAR ulgamynyň kömegi bilen penalti nokadyny görkezmek baradaky çözgüdi kabul etdi. Hatda üçünji penalti hem bellenip bilerdi, emma soňlugynda eminiň bu karary üýtgedildi.

Wiktor Dýokereş 44-nji minutda myhmanlary öňe saýlady, emma 56-njy minutda Alwares hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi.

«Arsenal» Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde ýeňlişsiz barýan ýeke-täk topar bolmagynda galýar: olar 13 oýunda 10 ýeňiş we 3 deňlik gazandylar. «Atletiko» bolsa UEFA-nyň ýaryşlarynda geçiren soňky 19 duşuşygynyň diňe ikisinde ýeňlişe sezewar boldy.

Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 5-nji maýda Londonda geçiriler. Bu jübütiň ýeňijisi finalda Fransiýanyň «PSŽ» we Germaniýanyň «Bawariýa» toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar. «Bawariýa» bilen «PSŽ-niň» arasyndaky jogap oýny 6-njy maýda bolar. Ýatladyp geçsek, ilkinji duşuşyk parižlileriň 5:4 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info