Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumyny, Aşgabat şäherinde gurlan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Halkara pediatriýa merkezini, Stomatologiýa merkezini dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem hünär baýramyna gabatlap, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere ýurdumyzda täze saglygy goraýyş edaralaryny açyp ulanmaga bermek mynasybetli dabaralara gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
