Ýeňil halas ediş uçarlary üçin ilkinji ýüzýän howa menzili tanyşdyryldy

MilliInfo

18 sagat öň

«CATL» ýaly ägirt uly akkumulýator öndürijisi tarapyndan goldanylýan Hytaýyň «eVTOL» şereketi hem-de «AutoFlight» kompaniýasy uçarlara niýetlenen ilkinji ýüzýän howa menzilini (aeroportuny) hödürledi.

Kompaniýa ony «eVTOL Water Vertiport» diýip atlandyrýar. Munuň özi şol bir wagtda hem gonuş meýdançasy hem-de elektrik uçarlary üçin energiýa beriji enjam bolup hyzmat edýän modully platforma. Konstrukisiýanyň doly işi gün panelleriniň hem-de öz energiýa saklaýjy ulgamyň mümkinçilikleri arkaly üpjün edilýär. «AutoFlight» bu platformalary kommunikasion enjamlar we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy arkaly gür kenarýaka sebitlerinden başlap, deňziň uzak künjeklerine çenli diýen ýaly islendik ýerde gurnap bolýandygyny belleýär.

Şeýle görnüşli uçar terminallary halas ediş operasiýalaryny ýerine ýetirmäge, deňizde ýerleşýän ýel elektrik stansiýalaryna hem-de nebit platformalaryna hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. «AutoFlight» kompaniýasynyň habarnamasyna laýyklykda, täze tehnologiýa arkaly halas ediş operasiýalary üçin zerur bolan wagty iki esse gysgaldyp bolýar, deňiz desgalarynyň mümkinçilikleri arkaly meýilleşdirilen hyzmat ediş wagtyny on esse azaltmak mümkin.

«AutoFlight» — başlangyç tapgyrdaky adaty startap däl. Kompaniýanyň eýýäm ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, halas ediş we ýangyn söndürmek boýunça 2000-den gowrak uçar üçin sargydy bar. Bu taslama üçin ýüz millionlarça dollar serişde ýatyran «CATL» kompaniýasy ýörite awiasiýa akkumulýatorlaryny, hatda geljekde elektromodel uçarlaryň bir gezeklik energiýasy bilen 300 kilometrden gowrak uçup bilmegini üpjün etjek «kondensirlenen akkumulýatorlary» hem işläp taýýarlamagyň üstünde işleýär.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo