Türkmenistanyň Prezidenti täze milli howpsuzlyk ministrini belledi

MilliInfo

16 Fewral, 2026

14-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow general-maýor Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýewi başga işe geçmegi sebäpli, milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy.

Bu wezipä general-maýor Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredow bellenildi. D.Meredow harby kasama ygrarlylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk barada dabaraly kasam etdi.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň täze wezipä bellenilen ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw edip, öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi hem-de bu düzümiň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info