Ýurdumyzyň sement kärhanalary döwrebaplaşdyrylar

MilliInfo
Ýurdumyzyň sement kärhanalary döwrebaplaşdyrylar

11-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny, ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli sement önümleri bilen üpjün etmek üçin sement zawodlaryny doly güýjünde işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde senagat kärhanalaryna uly ornuň degişlidigini aýtdy hem-de Bäherden, Balkan, Lebap sement zawodlaryny bökdençsiz işletmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info