Türkmenistanda mübärek Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen 336 raýatyň günäsi geçildi

MilliInfo

13-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsiniň geçilýändigini belledi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbe laýyklykda, iş kesilen 336 raýatyň Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy, günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info