Türkmenistanyň Prezidentiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy

MilliInfo

25 Sentýabr, 2025

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş etdi.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ştab-kwartirasyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar hem-de bilelikde surata düşdüler. Soňra plenar mejlis öz işine başlady we gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, sözüniň başynda mejlise gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň öz işine başlamagy bilen gutlady we hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýandygyny tassyklady we Watanymyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz jogapkärçiligine düşünip, hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek ýagdaýyny, ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak dialogyny döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hödürlenen başlangyçlaryň hatarynda dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljak Kararnamalaryň taslamalary bar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dürli döwletleriň Baştutanlary bilen duşuşyklary geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we onda çykyş etmegi diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm waka boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo