Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly resminamalara gol çekdi

MilliInfo

13-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere hem seredildi. Döwlet Baştutanymyz käbir pudaklaryň ýolbaşçy düzümini täzeledi.

Nebitgaz toplumynda B.Amanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, şol bir wagtda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz A.Begliýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.

M.Çakyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine B.Annaýewi belledi. 

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz B.Orazdurdyýewany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy boýunça orunbasary wezipesine B.Mämmedow bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedowy pensiýa gitmegi sebäpli wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Gaýypowy belledi we ony saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Ö.Goşjanow daşky gurşawy goramak ministri, R.Myradow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy, B.Tejenow Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipelerine bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info