Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň döwlet sylagy — «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglandy

MilliInfo
turkmenistaninfo.gov.tm

Şu gün Awazada geçirilýän resmi çäreleriň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistanyň döwlet sylagyny — «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda, Özbegistanyň Baştutany Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki, şeýle hem Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmakdaky hyzmatlary üçin ýurdumyzyň döwlet sylagy bilen sylaglandy.

Döwlet sylagyny gowşuran türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk döwletleriň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Özbegistanyň Prezidentiniň aýratyn ornuna ünsi çekdi we Türkmenistanyň başlangyçlaryny halkara arenasynda yzygiderli goldaýandygy üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi.

Sylaglamak dabarasy Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky umumy taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklara esaslanýan ýokary derejedäki ynamyň, birek-birege hormatyň we uzak möhletleýin hoşniýetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrüldi.

«Bu sylagy görnükli kärdeşlerimiň, wekiliýet agzalarynyň we jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda kabul etmek meniň üçin uly hormat. Men ony Özbegistana aýratyn hormatyň we Merkezi Aziýada dostlugy, hoşniýetliligi we birek-birege ynamy berkitmek baradaky bilelikdäki tagallalarymyzyň ykrar edilýändiginiň alamaty hökmünde kabul edýärin» — diýip, Şawkat Mirziýoýew belledi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo