«Jinjer Gold» görnüşli almalaryň ilkinji tapgyrlary eýýäm Russiýanyň, Gazagystanyň we Gruziýanyň sarp edijilerine ugradyldy. Şu ýyl ekerançylar jemi 14 müň tonna golaý hasyl almagy meýilleşdirýärler.
«Miwe» kärhanasynyň Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 8 müň gektarlyk meýdanynda almanyň we armydyň irki görnüşlerini ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Ýewropa tohumyndan bolan bu almanyň we armydyň inçe görnüşleriniň Ahalyň gyzgyn howasynda ýokary derejede hasyl bermegi üçin häzirki zaman tehnologiýalary we ýokary derejeli ideg zerurdyr. Bu ýerde suwaryş ulgamy dolulygyna damjalaýyn we awtomatlaşdyrylandyr. Baglara kärhananyň öz ýetişdiren hünärmenleri gözegçilik edýärler.
Türkmen miweleriniň hili «Full Chain» talaby boýunça şahaky döwründen başlap, dükanyň tekjesinde ýerleşdirmek işine çenli her bir tapgyrda berk gözegçilikde saklanýar. Ýygnalanyndan soňra miweler göni awtomatlaşdyrylan saýlama ulgamlaryna, soňra bolsa Niderlandlardan getirilen döwrebap sowadyjy ammarlara ýerleşdirilýär.
Sowadyjynyň düzümindäki guradylan miweleri öndürýän hususy zawod hasylyň artykmaç bölegini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Aslynda NASA tarapyndan kosmonawtlar üçin döredilen bu tehnologiýa arkaly çyglylygyň täze almalardan, ýertudanalardan we şetdalylardan dolulygyna aýrylmagy netijesinde olaryň düzümindäki ähli witaminler we mikroelementler goralyp saklanýar.
Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we hususy hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň netijesinde, Ahalyň ekerançylary gurak şertlerde hem döwrebap bagçylygy üstünlikli ösdürip bolýandygyny görkezýärler.
