«El-Klasiko» uzakda däl: «Real» Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy we onda «Barselona» bilen duşuşar

MilliInfo

9 Ýanwar, 2026

Ýanwar aýynyň 8-inden 9-yna geçilen gije Ispaniýanyň Superkubogynyň ikinji finalçysy belli boldy. Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen ýarymfinalda Madridiň «Real» we «Atletiko» toparlary duşuşdylar.

Oýun badalga alan pursatyndan dessine ýokary depgin görkezen «Real» eýýäm 2-nji minutda hasaby açmagy başardy. Federiko Walwerde jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, uzak aralykdan topy derwezeden geçirdi. «Realyň» ikinji goly 55-nji minutda hasaba alyndy. Bu pursatda ýene-de Walwerde üns merkezinde bolup, bu gezek Rodrigonyň ýardam pasyny berdi.

Şondan köp wagt geçmänkä, 58-nji minutda «Atletikonyň» Sýorlotuň kömegi bilen jogap gollarynyň birini geçirendigine garamazdan, duşuşyk 2:1 hasabynda «Realyň» peýdasyna tamamlandy.

Ýeri gelende bellesek, ýaryşyň ilkinji finalçysy bir gün öň «Atletik» toparyny 5:0 hasabynda ýeňen «Barselona» bolupdy.

Şunlukda, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda dünýäniň iň meşhur duşuşyklarynyň biri bolan «El-Klasiko» bellige alnar. «Barselona» we «Real» toparlarynyň arasyndaky final oýny 11-nji ýanwarda geçiriler. Futbol janköýerleri bu oýny «Матч ТВ» teleýaýlymy arkaly göni efirde synlap bilerler. Göni görkeziliş Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info