Dünýä futbolunyň ýyldyzy Kriştianu Ronaldu barada täze we gyzykly maglumatlar peýda boldy. Portugal hüjümçisiniň häzirki topary «Al-Nassrdaky» ýagdaýyndan nägilidiginden eýýäm köpler habarly. Emma indi bu barada has anyk maglumatlar gelip gowuşýar.
«Matç TW-niň» «Record» neşirine salgylanyp berýän habaryna görä, portugaliýaly ýyldyz şu tomusda başga bir kluba geçmek baradaky meselä çynlakaý seredýär.
Ronaldunyň üçin esasy mümkinçilikleriň hatarynda onuň Ýewropa yklymyna dolanmagy ýa-da MLS-iň (ABŞ) klublarynyň birine geçmegi görkezilýär. Şeýle-de, futbolçynyň karýerasyna başlan «Sporting» toparyna ýa-da öňki kluby «Mançester Ýunaýtede» gaýdyp gelmeginiň ähtimaldygy hakyndaky myş-myşlar hem bar. Habarda bellenilişine görä, hüjümçiniň «Al-Nassr» bilen baglaşan şertnamasynda transfer üçin 50 million ýewro möçberinde öwez tölegi bellenipdir.
Şu möwsümde Kriştianu Ronaldu ähli ýaryşlaryň çägindäki 22 duşuşykda ýaşyl meýdana çykdy. Ol bu oýunlarda 18 gol geçirmegi we 3 ýardam pasyny bermegi başardy.