Sambo boýunça türkmen ýygyndysy Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň 8 medalyna eýe çykdy

MilliInfo
Sambo boýunça türkmen ýygyndysy Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň 8 medalyna eýe çykdy

Filippinleriň Manila şäherinde sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa çempionaty tamamlandy. Dartgynly geçen ýaryş erkekleriň hem zenanlaryň arasynda yklymyň çempionlaryny kesgitledi.

Çempionatda uly üstünliklere eýe bolan türkmen ýygyndysyndan 71 kilogram agram derejesinde göreşen Sapar Döwletow altyn, 64 kilogram agramda bäsleşen Babamyrat Baýramow, 79 kilogramda Allanazar Orazmuhammedow kümüş,  58 kilogram agramda göreş düşekçesine çykan Muhammetmyrat Babekow, 88 kilogramda tutluşan Permangeldi Durdyýew bürünç medallara eýe boldular. Olar bu üstünlige sport sambosyndan ýetdiler.

Türkmen türgenleri çempionatyň söweş sambosyndan geçen bäsleşiklerinde hem netijeli çykyş etdiler. Şeýlelikde, 58 kilogram agram derejesinde göreşen Hakberdi Jumaýew, 64 kilogramda tutluşan Isa Geldiýew kümüş medal gazansa, 71 kilogram agramda bagtyny synan Merdan Myratgeldiýew hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Ildeşlerimiz Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň 8 medalyny (1 altyn, 4 kümüş hem-de 3 bürünç) gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bolsa Aziýanyň we Okeaniýanyň birinjiligini uly üstünliklere beslediler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info