55 milliard dollar: Saud Arabystany meşhur «Electronic Arts» kompaniýasyny satyn aldy

MilliInfo

14 Oktýabr, 2025

 «Electronic Arts» taslamasynyň Saud Arabystanynyň «Public Investment Fund (PIF)» gaznasynyň ýolbaşçylygyndaky konsorsiuma satylmagy boýunça ylalaşyldy. Şertnamanyň bahasy 55 milliard dollar bolup, her bir aksiýanyň bahasy 210 dollardan düşýär.

Şeýlelikde, «EA» açyk kompaniýa derejesini terk edýär, ýöne onuň ştab-kwartirasy Redwudda (Kaliforniýa) galýar we baş direktory Andrýu Uilson öňki wezipesinde saklanýar.

Gaznanyň gözegçiligine «EA-nyň» esasy tapgyrlary girýär: «Battlefield» we «Apex Legends», sport ugrundan «EA Sports FC» (ozalky «FIFA» ady bilen tanalýan oýun), ýörite ýaryş oýny «Need for Speed», durmuş simulýasiýalary «The Sims», şeýle hem «BioWare» studiýasynyň «RPG» oýunlary — «Mass Effect» we «Dragon Age». Mundan başga-da, «EA» mobil studiýalara we «EA Mobile» öndürijilerine degişli mümkinçiliklere eýelik eder, şeýle hem «EA Play» abonentlik hyzmatlarynyň we onlaýn platformasynyň eýeçilik hukugyny alar.

Bu Saud Arabystany üçin «Vision 2030» strategiyasynyň bir bölegi bolup, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we ýurdy kibersport we dynç alyş pudagynda dünýä liderine öwürmek üçin möhüm ädimdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo