Güýzüň maýyl howaly günleri sowuk, ýel-ýagmyrly günlere öz ornuny berýär. Akrap güýz bilen gyşyň sepgidi bolansoň, birdenkä howa sowap, iniňi tikenekledýän ýeller öwsüp başlaýar.
23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýän akrap döwri käbir ýyllarda örän maýyllyk bilen geçýär. Ýel-ýagmyryny yzyna tirkäp gar ýagdyryberýän ýyllary-da bar. Şonuň üçin ata-babalarymyz bu döwre öňünden taýýarlyk görüpdirler. Olar «Akrapda urmasa, ahyrýetde-de urmaz» diýen pähimi miras galdyrypdyrlar. Munuň özi giçki ekinleri ýetişdirýän daýhanlara akrapdan habardar bolmalydygyny ýatladypdyr. Herhal, agzalýan döwrüň gazabyna tutýan ýyllary onçakly köp bolmaýar. Şonuň üçin ekinleriň baly goýalyp bişýän bu döwrüň her bir güni örän gymmatly hasaplanýar. Ata-babalarymyz kişde, gawun kaky ýaly önümleri hut şu döwürde taýýarlapdyrlar.
Aýratyn-da, şalyny birneme giç orup, soňra ony atyzyň içinde desseläp gänek edip goýsaň, onda bu şalynyň tüwüsi hem-ä iri bolýar, hem-de döwülmeýär. Ondan bişirilen palaw has tagamly bolýar. Edil şonuň ýaly, akrapda bişýän gawunlary-da daşyna ýekenden dokalan tor geýdirip asyp goýsaň, barha süýjemek bilen bolýar. Döwletli etrabynyň Gyzylgum sähralygynyň giň ýaýlalarynda daýhanlar hut şu akrap döwründe sogan hasylyny ýygnap, ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradyp başlaýarlar. Şol soganlaryň tä mart-aprel aýlaryna çenli gögermän, üýtgemän durýandygy üçin olaryň hyrydary-da köp.
Akrap gyşyň nähili geljegini öz alamatlary bilen duýdurýar. Garynjalar hinleriniň agzyna köp gum üýşüren bolsalar, onda sowuk günlere garaşybermeli. Sebäbi olar gyşdan goranmak üçin hinini çuňrak gazýarlar. Pasyl-möwsümleriň aýratynlyklary barada geçmişden şu günlere gelip ýeten yrym-ynançlar ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşandyklaryny, tebigy üýtgeşmelere örän synçy bolandyklaryny tassyklaýar.
