Täze «Volkswagen Amarok»: ilkinji suratlar peýda boldy

MilliInfo

25 Awgust, 2026

Täze «Volkswagen Amarok»: ilkinji suratlar peýda boldy

«Volkswagen» kompaniýasy «Amarok» modeliniň Günorta Amerika üçin niýetlenen nusgasynyň ilkinji suratlaryny görkezdi. Orta gabaraly pikat 2027-nji ýylda satuwa çykar we onuň sebitde öndürilýän birinji nesil modelinden hem-de «Ford Ranger» platformasynda gurlan ählumumy «Amarok» modelinden düýpli tapawutlanar.

Täze pikabyň önümçiligi Argentinadaky «Volkswagen General Pacheco» kärhanasynda ýola goýlar. Esasy bazar Günorta Amerika bolar, emma geljekde bu model beýleki käbir ýurtlarda hem peýda bolup biler.

Resmi tehniki häsiýetnamalar häzirlikçe mälim edilmedi, ýöne täze «Amarogyň» «Volkswagen şereketiniň Hytaýyň «SAIC» konserni bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi boljakdygy çaklanylýar. Onuň esasynda Hytaýdan daşarda «LDV Terron 9» ady bilen hem satylýan «Maxus Interstellar X» kysymynyň arhitekturasy bolup biler.

Aslynda, 2027-nji ýylda «Volkswageniň» iki sany «Amarok» nusgasy bolar: biri «Ford Rangeriň» esasyndaky ählumumy model, beýlekisi bolsa hytaý pikabynyň esasyndaky Günorta Amerika üçin niýetlenen görnüş. Häzirki wagtda «Volkswagen» Günorta Amerikada heniz 2010-njy ýylda çykan birinji nesil «Amarogyň» düýpli döwrebaplaşdyrylan görnüşini öndürmegini dowam etdirýär.

Tizer suratlaryna görä, täze pikat düýbünden täzelenen daşky görnüşe eýe bolar. Öň tarapynda gabaranyň bütin inine uzaýan yşyklandyryjy (LED) zolagy, goşmaça gündizki çyralary we kese çyzykly gözenek bolar.

Esasy tehniki täzelik bolsa elektriklendirilen güýç gurnamasydyr. «Volkswagen» geljekki «Amarogyň» model taryhynda iň güýçli awtoulag boljakdygyny eýýäm tassyklady. Deslapky maglumatlara görä, ulagyň 800 TSI belgili bolmagyna garaşylýan iň ýokary nusgasy 470 at güýjünden gowrak kuwwata we takmynan, 800 Nm aýlanma mümkinçiligine eýe bolan gurluşa çatylýan (PHEV) gibrid ulgamy bilen üpjün ediler.

Şeýle «Amarok» duran ýerinden sagatda 100 km tizlige bäş sekuntdan hem az wagtyň içinde ýetip biler. Iň ýokary nusgasy üçin onuň doly çekiji ulgamyna garaşylýar. Şunda dizel görnüşleriniň hem saklanyp galmagy ahmal — sebäbi «Maxus Interstellar X» modeli 2,5 litrlik turbodizel hereketlendirijisi bilen hödürlenilýär.

Täze «Amarok» «Toyota Hilux», «Ford Ranger» we «Mitsubishi Triton» ýaly modeller bilen bäsleşer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info