Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler bölüminiň başlygy Çarymyrat Gurbanow CAFA Milletler Kubogy 2025-e gözegçi emin bolup gatnaşmak üçin Täjigistanyň Duşenbe şäherine iş saparyny amala aşyrýar.
Çarymyrat Gurbanowyň bu halkara ýaryşyň «B» toparçasynda haýsy duşuşykda gözegçi emin boljakdygy resmi taýdan kesgitlenildi. Belläp geçsek, «B» toparçada Eýranyň, Täjigistanyň, Owganystanyň hem-de Hindistanyň ýygyndy toparlary çykyş edýär. Çarymyrat Gurbanow hem bu toparçanyň ikinji duşuşygy bolan Täjigistan bilen Hindistanyň arasyndaky oýunda gözegçi emin hökmünde çykyş eder. Duşuşyk şu gün sagat 20:30-da başlanar.




