Häzirki zaman türkmen edebiýaty öz çäklerini giňeltmegini dowam edýär. Bu hakykat Belarusyň meşhur «Metamorfozy» atly edebi-çeper žurnalynyň 2025-nji ýyldaky üçünji sanyna türkmen awtorlarynyň goşgular toplumynyň girizilmeginde hem öz beýanyny tapýar.
Şunlukda, neşiriň okyjylary H.Çaryýewiň, A.Ataýewanyň, Ç.Annaberdiýewanyň, Z.Gulowanyň, G.Meretmyradowanyň, M.Bekgylyjowyň we Ş.Salyhowyň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Goşgulary rus diline şahyr we žurnalist Andreý Nowikow terjime etdi. Onuň bu eserlerde türkmen lirikasynyň özboluşlylygyny we öwüşginini saklamagy başarandygyny bellemek gerek. Hödürlenen eserleriň tematikasy çuňlugy bilen tapawutlanýar: awtorlar Watana bolan söýgini, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik gözelligini, türkmen tebigatynyň täsinliklerini wasp edýärler Mundan başga-da, bu eserlerde enelere we duýgulara bagyşlanan setirler eriş-argaç bolup geçýär.
Belarus Respublikasynda 2013-nji ýyldan bäri çap edilýän «Metamorfozy» žurnaly medeni gatnaşyklary berkitmek we asylly ruhy gymmatlyklary ýaýmak üçin abraýly meýdança hasaplanýar.
Bu neşir kyssaçylary, şahyrlary we suratkeşleri birleşdirip, awtorlaryň döredijilik taýdan özüni görkezmegine hem-de halkara ynsanperwer dialogyň ösmegine ýardam berýär, okyjylar köpçüligine häzirki zaman edebiýatynyň täze ugurlaryny açyp görkezýär.
