Türkmen şahyrlarynyň eserleri Russiýanyň «Берега» žurnalynda çap edildi

MilliInfo

4 Oktýabr, 2026

Türkmen şahyrlarynyň eserleri Russiýanyň «Берега» žurnalynda çap edildi

Kaliningrad şäherinde neşir edilýän «Берега» atly meşhur halkara edebi-çeper žurnalynyň üçünji sanynda «Türkmenistanyň kenarlary» atly ýörite bölüm mynasyp ornuny tapyp, onda türkmen şahyrlarynyň eserleriniň toplumy çap edildi.

Abraýly neşiriň okyjylary türkmenistanly awtorlar Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň, Akjagül Allaberdiýewanyň, Züleýha Gulowanyň we Mukam Bekgylyjowyň döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Olaryň goşgularyny rus diline Andreý Nowikow terjime etdi. Çap edilen eserlerde her bir türkmenistanly üçin ýakyn bolan mowzuklar — dogduk tebigatyň gözelligi, milli halyçylyk sungaty hem-de liriki poeziýanyň baky temalary öz beýanyny tapýar.

Türkmen şahyrlarynyň eserleriniň Russiýanyň edebi neşirinde çap edilmegi giň rus dilli okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info