«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy sentýabrdan Aşgabat—Deli ugry boýunça uçuşlaryň tertibini üýtgedýär

MilliInfo

7 sagat öň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 26-njy sentýabrdan Aşgabat—Deli ugry boýunça uçuşlaryň tertibini üýtgedýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň käbir gatnawlary sentýabryň ahyrky ongünlügine çenli dowam eder? Şolaryň biri hem Aşgabat — Deli hem-de Deli — Aşgabat ugurlarydyr.

Şol ugur boýunça 6 gatnaw 26-njy sentýabra çenli amala aşyrylar. Has takygy, häzirki wagtda 13 uçuş amala aşyrylýan Aşgabat — Deli ugry boýunça 6 gatnaw şol senä çenli dowam eder. Şunlukda, 26-njy sentýabrdan bu ugur boýunça uçuş 7 gezek amala aşyrylar. Deliden paýtagtymyza uçuş hem şeýle ýagdaýda  ýerine ýetiriler.    

Mundan başga-da, awiakompaniýanyň 25-nji oktýabrdan halkara uçuşlaryň umumy tertibini üýtgedýändigini ýatladýarys. Uçuşlaryň doly tertibi bilen tanyşmak üçin awiakompaniýanyň «turkmenistanairlines.tm» saýtyndan peýdalanyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info