Ýene sanlyja günden gadam goýuljak aprel aýy hem dabaraly çärelere diýseň baý bolar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda beýan edildi.
Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda:
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi,
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy,
Bütindünýä saglyk güni,
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, sergileriň, döredijilik duşuşyklarynyň, wagyz-nesihat çäreleriniň, bäsleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.
Galyberse-de:
Paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň,
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek we beýleki çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak hem-de ulanmaga bermek dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.