Türkmenistan SPECA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde möhüm çärelere taýýarlanýar

MilliInfo

Türkmenistan 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli meýilnama laýyklykda, noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde «SPECA günlerini» guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaga gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo