Türkmenistan we YHG ýurtlary ekosyýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlediler

MilliInfo

Şu gün Şuşa şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) syýahatçylyk ministrleriniň 7-nji mejlisi geçirildi.

«AZERTAC» tarapyndan berlen habarda aýdylşy ýaly, «Şuşa — YHG-niň 2026-njy ýyl üçin syýahatçylyk paýtagty» maksatnamasynyň çäginde guralan duşuşyga agza döwletleriň syýahatçylyk ministrleri we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa wekilçilik etdi.

Gepleşikleriň dowamynda syýahatçylygy diwersifikasiýa etmek, ekosyýahatçylygy höweslendirmek, sebit ugurlaryny ösdürmek we agza ýurtlaryň arasynda bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek meselelerine seredildi.

Duşuşygyň çäginde Syýahatçylyk boýunça ýokary derejeli bilermenler toparynyň 9-njy mejlisiniň netijeleri hödürlendi we tassyklandy. Şunuň bilen birlikde, ekosyýahatçylyk ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeleri beýan edýän ýygyndy we syýahatçylygy diwersifikasiýa etmek boýunça syýasy resminama tanyşdyryldy.

Çäräniň esasy netijeleriniň biri-de, agza döwletleriň arasynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän Şuşa jarnamasynyň kabul edilmegi boldy.

Mejlisde Gazagystanyň Aktau şäheri YHG-nyň 2030-njy ýyl üçin syýahatçylyk paýtagty hökmünde saýlanyldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info