Türkmenistan TIF 2025-iň çäginde halkara guramalaryň birnäçesi bilen ylalaşyk baglaşdy

MilliInfo

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda täze mümkinçilikleri açmak boýunça ynamly ädimlerini tassyklaýar.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulоw bilen Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky we Gazagystandaky hemişelik wekili Andreý Mihnew «Pandemiýalaryň öňüni alyş gaznasyna» grant bermek boýunça ylalaşyk baglaşdylar. Bu ylalaşyk azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa ulgamyny berkitmäge gönükdirilendir we ol «Merkezi Aziýada Bitewi saglyk» atly sebitleýin taslamany durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik döreder.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen Awstriýanyň «Primetals Technologies GmbH» kompaniýasy özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama ministr Toýguly Nurow bilen kompaniýanyň baş wise-prezidenti Andreas Lemp tarapyndan gol çekildi. Ylalaşyga laýyklykda, «Mitsubishi Heavy Industries» kompaniýasynyň düzümindäki «Primetals» innowasiýa merkezi Türkmenistana iň täze metallurgiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow bilen Günbatar Londonyň Söwda palatasynyň prezidenti Kristofer Durkin hem özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama türkmen kompaniýalarynyň dünýä bazarlaryna çykmagyna giň mümkinçilikleri açar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä erkin zolaklar guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama Mämmetguly Astanagulоw bilen guramanyň sebit boýunça ýolbaşçysy Ýerbol Buharbaýew tarapyndan gol çekildi. Ylalaşyk erkin ykdysady zolaklary ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda möhüm ädim boldy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo