4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak, ýaş esgerleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy.
Baş prokuror B.Muhamedow geçen on bir aýda kanunlaryň ýerine ýetirilişine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda görlen toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda ministrligi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmek boýunça görlen anyk çäreler barada aýdyldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, kazyýet işini netijeli guramak üçin öňdebaryjy usullaryň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, ministrligiň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew geçen on bir aýda Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek, serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow raýatlara we edara görnüşli taraplara hukuk hyzmatlaryny amala aşyrýan düzümleriň işini talabalaýyk üpjün etmek, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça şu ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de gullugyň işgärleriniň netijeli işlemegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçirilýän günlerinde howpsuzlygy, jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
