Türkmenistanyň Prezidenti Waşingtonda geçiriljek Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy noýabrda Waşington şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin hödürlän beýanatynda habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlasak, golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Amerikanyň Prezidenti Donald Trampdan hat gelip gowuşdy. Şol hatda ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýar.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo