Türkmen wekiliýeti Wenada geçirilýän OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

MilliInfo
Türkmen wekiliýeti Wenada geçirilýän OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar.

«Ertirki günümiziň mümkinçiliklerini giňeldýän geçiş» şygary astynda geçirilen bu forum dünýäniň dürli künjeklerinden hökümetleriň, ösüş institutlarynyň wekillerini hem-de işewürlik ulgamynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär. 2026-njy ýyldaky forumyň geçirilmegi OPEK Halkara ösüş gaznasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna gabat gelýär.

Wena saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti OPEK Halkara ösüş gaznasynyň Prezidenti doktor Abdulhamid Alhalifa, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi hem-de Türk Maýa goýum gaznasynyň Prezidenti Bagdad Amreýew bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy ýurduň halkara maliýe edaralary we ösüş institutlary bilen dowam edýän hyzmatdaşlygynyň beýany bolup durýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info